SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ MAROKKO PATYŞALYGYNA SAPARY
2020-nji ýylyň 4-5-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň Marokko Patyşalygyna sapary boldy. Saparyň ilkinji güni türkmen wekiliýetini Marokkonyň Premýer-ministri Saadeddin Osmani kabul etdi. Gürrüňdeşlikleriň barşynda döwletleriň ikisiniň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürm...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing
2020-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky brifing geçirildi. Brifingiň barşynda ýiti wirusly ýokanç keselleriň, hususan-da COVID-19 koronawirusynyň ýurda aralaşmagynyň öňüniň alynmagy maksady bilen Türkmenistanda durmuşa geçirilýän çäreler dogrusynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew we Türkmen...
AŞGABATDA DÖWLET EDARALARYNYŇ WE KHBS-NIŇ ÖZARAHEREKET ETMEGINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA SEMINAR ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 3-nji martynda Aşgabatda döwlet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda netijeli özarahereket etmegiň başarnyklary boýunça iki günlük seminar öz işine başlady. Bu seminar ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guraldy. Seminara ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, şol sanda ýurdumyzyň milli hem-de garaşsyz KHBS-niň...
Gurbannnazar Ezizow: sözleriň jadyly hünjüsi
ХХ asyr türkmen şahyrlarynyň arasynda Gurbannazar Ezizow iň saýrylaryň biridi. Diri gezip ýörenliginde şu ýylyň 1-nji martynda 80 ýaşyny toýlardy. Ýöne keç ykbal oňa bary-ýogy 35 ýaş eçildi. Bu känmi ýa az? Ynsan ömründen çen tutsaň ujypsyz, tüýs gülläp-pajarlaýan çagy! Ýöne ylahy zehinli, diňe bir öz sözüni aýdyp ýetişmän, eýsem edebiýat taryhynda ymykly orun tutup, minnetdar halk hakydasynda hemişelik galmagy başaran şahyr üçin welin, hasap başgaça ýöredilýär. Şahyra ömrüne her dürli baha beri...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan gelen telekeçiler nah ýüplük we mata, reňksiz aýna satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 266 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gonkongdan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 4 million 528 müň manatlykdan gowrak...
KATAR DÖWLETINIŇ PAÝTAGTYNDA TÜRKMEN-KATAR SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 29-njy fewralynda Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, ösüşiň esasy görkezijisi, iň ýokary syýasy derejede döredilen açyk dostlukly we konstruktiw gepleşik bolup durýan ikitarap...
DIM-DE «ÝAŞYL MERKEZI AZIÝA» MASLAHATYNYŇ WE DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝB-MA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISINIŇ JEMLERI BOÝUNÇA SEMINAR GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Ýaşyl Merkezi Aziýa» ýokary derejeli Maslahatynyň we daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB-MA iş toparynyň 9-njy mejlisiniň jemleri boýunça seminar geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Ylymlar Akademiýasynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçileri g...