RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Mar

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, tehniki kerosini, awtobenzini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-den, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler el halylaryny satyn aldyla...

DOWAMY
pic
14 Mar

TÜRKMENISTAN WE BMG UZAKMÖHLETLEÝIN HYZMATDAŞLYGA YGRARLYDYRLAR

2020-nji ýylyň 14-nji martynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu resminama Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda dürli ugurlar boýunça, şol sanda ykdysady durnuklylygyň we ösüşiň saklanylmagy, ilatyň durmuş hukuklarynyň goragy, saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi we ekologiki deňagramlylygynyň saklanylmagy ýaly ileri tutulýan ulg...

DOWAMY
pic
11 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERI BAKUDA DÖWLETARA HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEGIŇ WE ÇUŇLAŞDYRMAGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapar bilen gitdi. Birnäçä wagtdan soňra Prezidentiň howa gämisi iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde gondy. Azerbaýjanyň paýtagtynyň howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşy aldylar. Howa menzilinden Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni Azerbaýjanyň Prezidentiniň «Zagulba» kabul...

DOWAMY
pic
11 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY

Şu gün, 2020-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy geçiriler, onuň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

DOWAMY
pic
8 Mar

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 196-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy we suwuklandyrylan gazy («Türkmengaz» DK) satyn aldylar. Mundan başga-da daşary ýurt puluna nah ýüplük we reňksiz list aýna ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: BAE we Özbegistan degişlilikde. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 118 müň dollaryndan...

DOWAMY
pic
7 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNDAN ILÇIHANALARYŇ WE HALKARA GURAMALARYŇ WEKILHANALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI GUTLAGLAR

2020-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Daşary işler ministri R.Meredow Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň Türkmenistanda işleýän ähli zenan ýolbaşçylaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady we olaryň sowgatlaryny gowşurdy hem-de olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we jogapkärçilikli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.     Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, öz gezeginde, gyzgyn gutlaglary hem-de özlerine...

DOWAMY
pic
6 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ “TÄZE SÖWDA WE ÜSTAŞYR ÝOLLARDA NEŞE SERIŞDELERINIŇ BIKANUN DOLANŞYGYNYŇ ÖŇÜNI ALMAK MAKSADY BILEN MERKEZI AZIÝADA SEBITLEÝIN SERHETÜSTI HYZMATDAŞLYGY GÜÝÇLENDIRMEK” ATLY ÇÄRESI

Türkmenistanyň wekilýetiniň başlangyjy bilen BMG-niň Wena şäherindäki Neşe serişdelerine we jenaýata garşy komissiýasynyň 63-nji mejlisiniň çäginde, “Täze söwda we üstaşyr ýollarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygynyň öňüni almak maksady bilen Merkezi Aziýada sebitleýin serhetüsti hyzmatdaşlygy güýçlendirmek”  atly çäre geçirildi. Bu çäre BMG-niň Neşe we jenaýata garşy müdirligi (UNODC) we Özbegistan Respublikasynyň wekilhanasy bilen bilelikde guraldy. Bu çärä 20-den gowrak BMG-niň agz...

DOWAMY