SOŇKY HABARLAR
Keramikaçy Gülýara Babaýewa: döredijiligi, maşgalasy we dowamatlyk hakda
Men ilkinji gezek Gülýara Babaýewanyň işleri bilen sergileriň birinde tanyşdym. Ýaş nakgaşyň žiwopis eserleri akýürekliligi we kreatiw awtorlyk tilsimi bilen özüne bendi edýärdi. Meniň olar barada öwgüli sözlerimi eşidenleriň biri onuň keramiki işleri bilenem tanyşmagy maslahat berdi. Dogrusy, men olara ýaş nakgaşyň güýmenjesidir öýdüp kän bir ünsem bermändim. Aslynda welin bar zat tersine ekeni: Gülýara Babaýewa – keramikaçy, žiwopis kompozisiýalary bolsa – döredijilik synaşyklary eken. Nepi...
Ulag-üstaşyr geçelgeleri sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň girewidir
Türkmenistanyň çäk babatda amatly ýerleşmegi ýurdumyzyň Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr-ulag ulgamy hökmündäki berkeýän derejesini şertlendirýär. Bu ulgamdaky bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri dolulygyna amala aşyrmaga çalyşýan ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Şeýl...
Malaý käninde gysyjy kompressor bekedi işe girizilmäge taýýarlanylýar
Lebap welaýatyndaky Malaý gaz käninde tiz wagtda kuwwatly gysyjy kompressor bekedi işe giriziler. Ony gurmak boýunça işleriň aglaba bölegi ýerine ýetirildi. Bekediň taslama kuwwatlylygy – ýylda 30 milliard kub metr gazy gysyp çykarmaga niýetlenendir. Türkmenabat şäherinden 80 kilometr uzaklykda Garagumda ýerleşýän Malaý käni indi 20 ýyl bäri senagat taýdan işlenilip gelinýär. Şu ýyllarda gaz çykaryjy toplum diňe bir ilatly ýerleri, şeýle hem ýurdumyzyň gündogar sebitiniň dürli ähmiýetli binal...
MINISTRLER DEREJESINDÄKI GEPLEŞIKLERIŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-EÝRAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslaminiň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky işjeň häsiýete eýe bolan gepleşikleriň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň baştutanlarynyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge bolan ygrarlylyklaryny nygtap geçdiler. Taraplar ikitaraplaýyn gü...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ AWSTRIÝANYŇ ILÇISI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Nur-Soltan ş.) Gerhard Saýller bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Ministr türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy ugrundaky netijeli işi we ähmiýetli goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk sözlerini beýan etdi....
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI BIRNÄÇE HALKARA RESMINAMALARYNA GOŞULMAK BOÝUNÇA KARARLARY KABUL ETDI
2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagrylyşynyň onunjy maslahaty sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, onuň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi hem-de birnäçe ähmiýetli halkara-hukuk...
Bank ulgamynda innowasiýalar: uzak aralykdan tölegleri geçirmek
Ministrler Kabinetiniň 21-nji awgustda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan “Halkbank terminal” atly uzak aralykdan tölegleri geçirmegiň täze ykjam goşundysyny işe girizmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat hödürlenildi. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanda bank ulagmyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, häzirki wagtda bu çäreler hil taýdan täze gör...