SOŇKY HABARLAR
«TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY - 2020» HALKARA ÝUBILEÝ FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020» atly ýubileý XXV Halkara maslahaty öz işine başlady. Bu abraýly halkara forum «Тürkmengaz» we «Тürkmennebit» Döwlet konsernleri tarapyndan «Тürkmenforum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Ýokary derejeli maslahata Türkmenistanyň ministrlikleriniň we ugurdaş pudak edaralarynyň, ýurtda işleýän diplomatik missiýalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýerli, şonuň ý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN MALAÝZIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Hökümetiniň baştutany ilki başdan birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Pr...
BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen köpýyllyk özara hereketletiň giň toplumy boýunça netijeli durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Ulag, söwda, energetik...
TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHLI UGURLARY BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSDÜRILMEGINE YGRARLYDYRLAR
2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Administratiw edarasynyň başlygy Mohammad Şaker Kargar bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklaryň ýokary derejä eýe bolup durýandygy bellenildi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Baştutanynyň goň...
“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty (OGT-2020) 2020-nji ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilýär. Bu halkara maslahaty “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň we Beýik Britaniýanyň GaffneyCline kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk etmekliginde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan gurnalýar. OGT (“Türkmenistanyň nebiti we gazy”) halkara maslahaty daşary ýurtly komp...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 80-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, nebit koksyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda önd...
Türkmenistan welotrek boýunça dünýä birinjiligine taýýarlyk görýär
Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde habar berlişine görä, Türkmenistanda 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Türmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda guramaçylyk komitetiň düzümi döredildi we tassyklanyldy, bu komitetiň mejlisinde dünýä çempionatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda wise-premýer M. Geldinyýazow 2021-nji ýylda Aşgab...