SOŇKY HABARLAR
STAMBUL UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ TÜRK DILINDÄKI NUSGASYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Stambul uniwersitetinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy, Stambul şäherindäki Baş konsullygy, TÜRKSOÝ türki medeniýetiň halkara guramasy we Stambul uniwersiteti Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler. Dabara Stambul uniwersitetiniň rektory Mahmut Ak, uniwersitetiň talyplary we mugallymlary, TÜRKSOÝ guramasynyň başlygynyň orunbas...
MINSKDE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞ BINASYNDA TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baş binasynda GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň yz ýany bilen, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen «GDA ga...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýeden gelen işew...
TÜRKMENISTAN BILEN MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK BERKEÝÄR
2019-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Migrasiýa boýunça halkara guramanyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Hajiýew bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda bilelikdäki meýilnamalaryň amal...
TÜRKMENISTAN WE KUBA RESPUBLIKASY ÖZRABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE YGRARLYDYRLAR
2019-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Alfredo Nýewes Portuondo (ýerleşýän ýeri Baku ş.) bilen duşuşyk geçirildi. Dostlukly häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-kuba gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny hem-de iki ýurduň d...
AŞGABATDA “SPEKA GÜNLERI” BAŞLANDY
2019-njy ýylyň 18-nji noýarbynda Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasyna (SPEKA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýokary derejeli çäreler başlandy. “SPEKA günleriniň” açylyşy SPEKA-nyň durnukly ulag, üstaşyr we birleşme boýunça Iş toparynyň mejlisi hem-de söwda syýasaty boýunça ýokary derejeli “tegelek stoly” bilen başlandy. Agzalan çärelere SPEKA-nyň gatnaşyjy-ýurtlarynyň, ýagny, Azerbaýjanyň, Owganystanyň,...
HYTAÝDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITAPLARYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Pekinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» we «Türkmen Alabaýy» atly kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy, şeýle hem «Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda türkmen milli we medeni mirasynyň şöhlelendirilmegi» atly ylmy maslahaty geçirildi. Agzalan çärelere Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hytaýyň ozalky Türkmenistandaky Ilçileri, daşary ýurtlar bilen Hytaý H...