SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BSGG-NIŇ BAŞ DIREKTORY BILEN WIDEODUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 7-nji awgustynda, zähmet rugsady tamamlanandan soň, ilkinji iş güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreiesus bilen wideoaragatnaşyk boýunça duşuşyk geçirdi. BSGG-niň Baş direktory Tedros Gebreiesus maslahaty açyp, Türkmenistanyň Prezidenti bilen mähirli salamlaşdy hem-de birek-biregi hormatlamak we ynanyşmak esasynda guralýan ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge şahsy ýardamy üçi...
TÜRKMEN-GERMAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI TELEFON SÖHBETDEŞLIGINIŇ BARŞYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň DIM-niň Döwlet Sekretary Migel Bergeriň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňişleýin düzümine seredip, diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn ugurlaryny aýratyn bellediler. Dürli ugurlara gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN SAUD ARABYSTANYNYŇ PATYŞASYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2020-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Türkmenistanyň Baştutany we Saud Arabystanynyň Patyşasy ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň hem-de haýyr-sahawatlylygyň nyşany bolan ähli musulmanlar üçin mukaddes Gurban baýramy bilen birek-biregi mähirli gutladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystan...
Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär
Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Soňky ýyllarda Türkmenistanda saglyk ulgamyny, şol sanda sagaldyş-şypahana dynç alyş we sport ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň welaýatlarynda ajaýyp şypahanalar, bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgu...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we nebit koksuny satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen polipropilen we ýokary dykyzlykdaky polietilen Russiýanyň, Özbegistanyň hem-de Owganystanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. M...
Sanly Türkmenistan dünýä habarlar giňişligindäki ornuny giňeldýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan iň gowy dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy, häzirki zaman iş tejribesini öwrenmegi talap edýär. Şu talaplardan hem-de milli ösüş maksatnamalarynda kesgitlenilen degişli wezipelerden ugur alnyp, döwlet durmuşyny we pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň aýgytly ugry işlenilip düzülýär. Sanlylaşdyrmak we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmak bu ugurda möhüm şert bolup durýar....
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi tüýs ýürekden gutladylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Taraplar türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýandygyny, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň bol...