SOŇKY HABARLAR
ÝHHG-NYŇ ÝANYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda ÝHHG-nyň Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ÝHHG-nyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça resmi beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada bellenilişi ýaly, forumyň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we hazarýaka döwletleriniň hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle-de çärä Özbegistan Respublikasynyň we Bolgariýa Res...
GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ WEKILLERI TÜRKMENISTAN BILEN HYZMATDAŞLYGA ÝOKARY BAHA BERÝÄRLER
2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orubasary - Ýerine ýetiriji sekretary W.A.Guminskiniň ýolbaşçylygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyklyk etmeginiň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň we çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini belläp geçdiler....
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini we göni işlenen benzini hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtoulag benzinini we göni işlenen benzini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynda öndüri...
BAE-DE TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY AÇYLAR
2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerinde (Dubaý şäheri) Baş konsullygyny açmak baradaky Karara gol çekdi. “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edilen bu resminama Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde hem-de ilata ko...
UNESCAP-YŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA BMG-NIŇ ARAL DEŇZI BASSEÝNI ÜÇIN ÝÖRITE MAKSATNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň ştab-kwartirasynda Heläkçilikleriň howpuny peseltmek boýunça Komitetiň altynjy sessiýasynyň barşynda geçirilen «Daşky gurşaw we heläkçilik: Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde boşluklaryň doldurylmagy» atly ugurdaş çäräniň çäklerinde BMG-niň Aral deňzi basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä BMG-niň agza-ýurtlarynyň wekiliýetler...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GAZAGYSTANYŇ ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK HAKYNDA
2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ž.A.Asanow bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi dogrusynda pikir alyşdylar. Duşuşygyň a...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ RUSSIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI
29-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi, onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şu ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine ýokary baha berdiler. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz D...