SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we boýalan tüýjümek önümleri, Birleşen Arap Emirliklerinden, Azerbaýjandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler bolsa nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 676 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýada...
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy. Näçe ýyl geçse-de, Watan goragyna aýaga galan gahrymanlaryň edermenligi minnetdar nesilleriň hakydasynda we ýüreklerinde hemişelik saklanýar. Olar şöhratly Watan goragçylarynyň batyrlygynyň we gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýärler. Hut şonuň üçin hem weteranlaryň ordenleriniň, medallarynyň jaňňyrdysyndan döreýän owaza bes...
AŞGABATDA «TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY» ATLY TEMA BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hem-de beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň tanymal syýasatşynaslary, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçyla...
TÜRKMENISTAN SYÝAHATÇYLYK ŞÄHERLERINIŇ BÜTINDÜNÝÄ FEDERASIÝASYNYŇ HATARYNDA
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasy 2012-nji ýylda dünýäniň meşhur syýahatçylyk şäherleri we syýahatçylyk guramalary tarapyndan döredildi. Ştab-kwartirasy we Sekretariaty Pekinde (HHR) ýerleşen SŞBF häzirki wagtda abraýly halkara syýahatçylyk guramasyna öwrüldi.
Döwlet muzeýinde Beýik Ýeňşe bagyşlanan sergi açyldy
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy. Baýramçylyk sergisinde özboluşly fotrosuratlar, plakatlar we arhiw resminamalary, harby esbaplar, şeýle hem etnografiýa predmetleri, žiwopis we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezilýär. Beýik Ýeňşe bagyşlanan sergide Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygyna bagyşlanan Ýörüşiň şanly pursatlary: Türkmenistanyň hormat garawuly rotasynyň esgerleriniň Moskwanyň Gyzyl meýdançasyndan geçip barýan, «Galkyn...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELER
2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň orunbasary W.Hajiýew, türk tarapyna Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň Orta Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça Baş müdirliginiň Direktory Ýönet Jan Tezel ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar ikitaraplaýyn türkmen-türk gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini hem-de halkara gu...
HAZAR DEŇZI – GARA DEŇIZ HALKARA ÜSTAŞYR WE ULAG GEÇELGESI BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Hazar deňzi – Gara deňiz halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dört taraplaýyn iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaş...