SOŇKY HABARLAR
OWGANYSTANYŇ HYRAT WELAÝATYNYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2019-njy ýylyň 30-njy iýuly – 2-nji awgusty aralygynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň häkimi Abdul Kaýum Rahiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem-de Aşgabat şäherinde saparda bolýar. Wekiliýetiň Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň häkimi hem-de degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy....
TÜRKMENISTANDA GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGIÝANYŇ ÖSDÜRILMEGI BOÝUNÇA HALKARA TEGELEK STOLY AŞGABATDA GURALDY
2019-njy ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti» atly halkara tegelek stoly geçirildi. Tegelek stoluň işine Türkmenistanyň Energetika, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleri bilen birlikde birnäçe pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA), ÝHHG-niň, BMG-niň Ö...
GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝ JEMGYÝETLERINIŇ HALKARA FEDERASIÝASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň (GH we GÝJHF) baş sekretarynyň maksatnamalar we administratiw meseleleri boýunça orunbasary Jagan Çapagan bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar GH we GÝJHF-niň we Türkmenistanyň arasyndaky ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň netijeliligini belläp geçdiler. Myhman önjeýli hyzmatdaşlyk saklaýandyghy üçin türkmen t...
«АWAZADA» MALAÝZIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 30-31-nji iýunynda Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy. Kompaniýanyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Sri Wan Zulkiflee Wan Ariffiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Iş saparynyň barşynda, 31-nji iýulda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynyň «Deňiz» myhmanhanasynda Malaýziýanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit-gaz meselele...
TÜRKMEN WEKILIÝETI ABU BILEN TRT-NYŇ BILELIKDE GURNAMAGYNDA GEÇIRILEN GLOBAL HABARLAR FORUMYNYŇ IŞINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 29-31-nji iýuly aralygynda türkmen wekiliýeti Stambul şäherinde geçirilýän Aziýa-Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) bilen Türkiýe Respublikasynyň Döwlet Radio we Telewideniýe guramasy (TRT) tarapyndan gurnalýan 5-nji Global habarlar forumynyň işine gatnaşdy. Bu foruma gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar, hususan-da, dünýäde halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ara alyp maslahatlaşdylar. TRT-nyň Baş direktory Ibrah...
AŞGABATDA ARAL BOÝUNÇA SEBITLEÝIN IŞ TOPARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 30-31-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän «Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek» hem-de «AHHG-nyň institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek» boýunça hereketleriň maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin iş toparlarynyň ikinji duşuşygy geçirilýär. Bu duşuşyk Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti doland...
ER-RIÝADDA TÜRKMEN-SAUD GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 30-njy iýulynda Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň we Saud Arabystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda birinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. Saud Arabystanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady meseleler boýunça orunbasary Adel bin Siraj Mirdad ýolbaşçylyk etdi. Ýakymly salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýetini belläp geçdil...