SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE BAE ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ UGRUNDA
2019-njy ýylyň 29-njy iýulynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary syýasy edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. BAE-niň wekiliýetine Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Halifa Şahin Halifa Almarar ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysa...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, ABŞ-dan, BAE-den, Gazagystandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy, peç ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda («Türkmengaz» DK) öndürilen mazuty, awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük,...
AŞGABATDA KANUNYŇ HÖKMÜROWANLYGYNYŇ ÝÖRELGELERINE LAÝYKLYKDA TERRORÇYLYK IŞINE GARŞY DURMAK BOÝUNÇA ÝHHG-NYŇ SEMINARY GEÇIRILDI
Aşgabat şäherinde geçirilen we 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda tamamlanan iki günlük okuw maslahatynyň maksady – kanunyň hökmürowanlygynyň ýörelgelerine laýyklykda terrorçylyk işine garşy durmak üçin jenaýat-hukuk çäreleriniň güýçlendirilmegi bolup, ol degişli döwlet edaralarynyň, şeýle hem adwokaturanyň 30-dan gowrak işgärlerini özünde jemledi. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ÝHHG-niň Sekretariatynyň Terrorçylyga garşy bölüminiň Transmilli wehimlere garşy göreşmek Departamenti bilen birlikd...
TÜRKMENISTAN DOGANLYK OWGANYSTANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERMEGI DOWAM EDÝÄR
2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Hökümetiniň goldaw bermeginde Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina etrabynda gurlan uzynlygy 10 kilometr bolan demirýol böleginiň dabaraly açylyşy, şeýle hem uzynlygy 35 kilometre barabar Akina-Andhoý täze demirýol şahasynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Çärelere Türkmenistanyň we Owganystanyň ulag we senagat edaralarynyň ýolbaşçylary, häkimler, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýerli ýaşaýjy...
«HAZAR» TÜRKMEN-ASTRAHAN HABARLAR KITAPÇASYNYŇ BIRINJI SANY ÇAP EDILDI
2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) ýardam bermeginde Astrahan welaýatynyň Hökümeti bilen birlikde «Hazar» türkmen-astrahan habarlar kitapçasynyň birinji sany çap edildi. Kitapçanyň birinji sany Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumyny (BHYF)...
TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
Şu gün, 2019-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda türkmen Lideri Özbegistanyň baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady we berk jan saglyk, tükenmez ruhublentlik we ähli giň göwrümli başlangyçlarynda üstünlikler arzuw etdi. Özüne aýdylan gutlag we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn h...
TÜRKMENISTANDA DÖM-NYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI BOÝUNÇA MEÝLETIN MILLI SYNYNYŇ TANYŞDYRYLYŞYNYŇ NETIJELERI HAKYNDA
2019-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 16-20-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherine bolan saparynyň deslapky netijelerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi, bu saparyň çäklerinde Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça Meýletin milli synynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Iş mejlisiniň barşynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Ykdysady we D...