SOŇKY HABARLAR
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ PARLAMENTARIÝLERINIŇ ÝHHG-NIŇ PA-NYŇ BAŞLYGY BILEN ONLAÝN MASLAHATLAŞMALAR GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 9-njy iýunynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň başlygy G.Tsereteli bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaşmalary geçirildi. Onlaýn-sessiýada türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wekilçilik etdi. Mejlisde sebit meseleleri boýunça giňişleýin ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentariýleri ÝHHG-niň PA-sy bilen maksadalaýyk özarahereketleriň dowam...
TÜRKMEN-EÝRAN SERHEDINDIŇ ÇÄGINDE TÄZE AWTOMOBIL KÖPRÜSINIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 8-nji iýunynda türkmen-eýran serhedindiň çägindäki «Sarahs-Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy we dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu ajaýyp çäre mynasybetli günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary wezipeli wekilleriniň wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenista...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 76-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Owganystanyň we Beliziň telekeçileri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen, polipropilen we EKO-93 kysyml...
TÜRKMENISTANYŇ ÝITI ÝOKANÇ KESELE GARŞY TAÝÝARLYGYNY WE DESSIN ÇÄRELERIŇ GÖRÜLMEGINI ÜPJÜN ETMEGIŇ MEÝILNAMASYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde milli derejede kabul edilen Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle-de degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda işleýän d...
DAŞARY SYÝASAT EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY SANKT-PETERBURG ŞÄHERINIŇ HÖKÜMETINIŇ AGZASY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
2020-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Sankt-Peterburg şäheriniň Hökümetiniň agzasy – Daşary aragatnaşyklar komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew bilen onlaýn gepleşikleri geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meselelerini hem-de ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen işjeň häsiýete eýe...
TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň dördünji tapgyry geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Fransiýanyň wekiliýetine Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň Kontinental Ýewropa departamentiniň direktory F.Mondoloni ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikle...
Türkmenistanyň paýtagtynda Awtoulagsyz günüň ekologiýa netijeleri jemlenildi
3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2018-nji ýylda esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Ýurdumyzyň şaýollaryna we köçelerine sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän welosipedçileriň köpsanlysy çykdylar. Şonuň bilen birlikde, ekologiýa meselesi Welosiped gününiň çäreleriniň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Paýtagtymyzda bu çäräniň Awtoulagsyz...