SOŇKY HABARLAR
SLOWENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda öz diplomatik işine başlaýan Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Branko Rakowets bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Sloweniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw ber...
BAE-NIŇ DUBAÝ ŞÄHERINDE TÜRKMEN EL HALYLARYNYŇ DÜKANY AÇYLDY
2019-njy ýylyň 16-njy iýunynda BAE-niň Dubaý şäherinde Al Fattan Marine Towers söwda merkezinde Türkmen el halylarynyň dükanynyň açylyş dabarasy boldy. Bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Mämmedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen el halylary dükany aýratyn gyzyklanma döredýän ýerleriň biri bolup, dabara Birleşen Arap Emirliklerindäki...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasynaABŞ-dan, Singapurdan, BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçilerTürkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini,dizel ýangyjyny, polipropileni, ýangyç mazudy,şeýle hem Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan bolan täjirler tehniki kükürdi, (“T...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ AWSTRIÝA SAPARY
2019-njy ýylyň 13-14-nji iýunynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Mejlise toparyň türkmen we awstriýa bölekleriniň agzalary, şeýle hem iki tarapdan çagyrylan guramalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň giň toplumy boýunça özara pikir alyşdylar. Toparyň dokuzynjy mejlisinde öňe sürlen teklipleriň ýerine ýetirilişi, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar, sa...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HGHK-Ň WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) ştab-kwartirasynyň Balkan, Gündogar Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky amallar boýunça utgaşdyryjysy j-p Nikolýa Flýoriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda HGHK-ň dünýädäki we sebitdäki häzirki alyp barýan işlerine gysgaça syn geçirildi. Soňra, taraplar global we sebitleýin ynsanperwer häsiýetli meseleler barada...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK WEKILI ÝUNESKO-DA IŞE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 13-nji iýunynda Pariž şäherinde Türkmenistanyň Ilçisi S.Jumaýew ÝUNESKO-nyň Baş Direktory hanym Odri Azulä özünin Türkmenistanyň bu Guramanyň ýanyndaky Hemişelik Wekili hökmünde bellenendigi baradaky hatyny gowşurdy. Gowşurylyş dabarasy tamamlanandan soňra, Ilçi S.Jumaýew bilen ÝUNESKO-nyň Baş Direktorynyň arasynda söhbetdeşlik boldy. Türkmenistanyň Ilçisi hanym Odri Azulä Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamyny we in gowy arzuwlaryny ýeti...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-niň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, professorlary hem-de mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylary hem-de ýu...