SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN SÜRÜJILERI RUSSIÝANYŇ RALLI-REÝD BOÝUNÇA ÇEMPIONATYNDA BAÝRAKLY ORUNLARA MYNASYP BOLDULAR
Astrahanda Russiýanyň “Kaganyň Altyny-2019” atly ralli-reýd boýunça çempionaty hem-de Astrahan welaýatynyň 2019-njy ýyldaky çempionaty tamamlandy. Bu ýaryşlara Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Finlýandiýadan we Ukrainadan türgenler gantaşdylar. Jemi 500 golaý adam, 240-dan gowrak ýük ulaglary, motosikller we jip ulaglar gatnaşdylar. “Kaganyň Altyny-2019” atly ralli-reýdiniň gatnaşyjylary 3 günüň dowamynda Astrahan düzlüklerinden 700 kilometrden gowrak ýoly geçdiler....
TÜRKMENISTAN BILEN TUNIS IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ UGRUNDA
2019-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) jenap Mohammed Ali Şihi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gepleşikleriň, hususan-da syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gepleşikleriň barha artandygyny kanagtlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň degi...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň Daşky gurşaw boýunça Ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Patyşalygyň atçylyk we at ýaryşlary federasiýasynyň prezidenti Şeýh Faýsal Bin Raşid Bin Isa Al Halifanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Bahreýniň wekiliýeti türkmen tarapyna türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmaga döredilen müm...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GRUZIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mamuku Murjikneli bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ulag, energetika we bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garadylar. Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugry boýunça geçýän Lazurit taslamasyny döretmegiň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berip, gruzin diplomaty Gruziýanyň ...
«SAGDYNLYK WE BAGTYÝARLYK» AÝYNYŇ ÇÄKLERINDE DIPLOMATIK KORPUSYNYŇ ARASYNDA SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI
Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» aýynyň çäklerinde, Türkmenistanyň DIM-i aprel aýynyň dowamynda Aşgabat şäherindäki diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň toparlarynyň gatnaşmagynda birnäçe sport ýaryşlaryny gurnady. 6-7-nji aprelde sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçirilen ýaryşlarda, birinji orna Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň wekili mynasyp boldy, ikinji we üçünji orunlary...
ASTRAHANDA HAZARYŇ GORANMAK EDARALARYNYŇ WEKILIÝETLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 22-24-nji apreli aralygynda Astrahan şäherinde (Russiýa Federaiýasy) Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň (HDDUI) binýadynda 2018-nji ýylyň awgustynda Aktau şäherinde geçirilen Hazar ýurtlarynyň Baştutanlarynyň V Sammitiniň barşynda gol çekilen Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda ylalaşygyň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen bagly bolan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň goranmak edaralar...
SEULDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET IŞGÄRLERINIŇ MODA GÖRKEZILIŞI WE KONSERTI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji aprelinde Seulyň merkezi etrabynda ýerleşen Çonge meýdançasynda Türkmenistanyň moda görkezilişi we medeniýet işgärleriniň konserti geçirildi Çärelere Türkmenistanyň medeniýet işgärleri, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik tans topary, şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen medeniýet ussatlarynyň çykyşlary we moda görkezilişi bu ýere gelen tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Çäräniň çäklerinde 28-nji...