RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Ýan

BÜTINDÜNÝA SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ŽENEWADAKY ŞTAB-KWARTIRASYNDA GURAMANYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞIŇ 144-NJI MEJLISINIŇ ÇARÇUWASYNDA MAGLUMAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda guramanyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň 144-nji mejlisiniň çarçuwasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň sebit direktory hanym Žužanna Ýakabyň ýolbaşçylygynda maglumat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga agza ýurtlaryň wekiliýetleri, halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Ženewada akkreditirlenen Ilçiler we Hemişelik wekiller gatnaşdylar. Gatnaşyjylar guramanyň ag...

DOWAMY
pic
19 Ýan

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.  Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Şwesariýadan, Maltadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni usulda arassalanan benzini, uçar, tehniki hem-de yşyklandyryş kerosini, nebit koksuny, binýatlaýyn ýagy, Russiýa Federasiýasyndan we Täjigistandan gelen işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda işlenip çykarylan polipr...

DOWAMY
pic
17 Ýan

TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ILAT GAZNASYNYŇ (ÝUNFPA) ARASYNDA BIRNÄÇE RESMINAMALARA GOL ÇEKILDI

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň birnäçe döwlet edaralary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu çärä Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we ÝUNFPA-nyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Dabarada bellenilişi ýaly, häzir 2016 - 2020-nji...

DOWAMY
pic
16 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä gümrük guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary Kunio Mikuriýany kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen tutuş dünýäde abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. H...

DOWAMY
pic
16 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BGG-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Bütindünýä Gümruk Guramasynyň Baş sekretary Kuniýo Mikuriýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy, Guramanyň Baş sekretaryny ýetip gelýän Halkara gümruk gullugynyň güni bilen, şeýle hem, onuň 2009-njy ýyldan bäri işleýän Baş sekretar wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady. Soňra, taraplar Türkmenistan bilen BGG-nyň arasyndak...

DOWAMY
pic
15 Ýan

GERMANIÝANYŇ GANNOWER ŞÄHERINDE «DOMOTEX 2019» HALKARA SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ HALY ÖNÜMLERINIŇ GÖRKEZILIŞI

2019-njy ýylyň 11-14-nji ýanwary aralygynda GFR-niň Gannower şäherinde haly önümleriniň we pol örtükleriniň 31-nji ýöriteleşdirilen halkara «DOMOTEX-2019» sergisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Tutuş dünýäde mälim bolan we Ýewropada irileriň arasynda ýer alan «DOMOTEX-2019» sergisiniň guramaçysy «Deutsche Messe АG» sergi-ýarmarka kompaniýasy bolup, bu sergi 1989-njy ýyldan bäri her ýylda geçirilýär we dünýäde halylaryň, parketleriň hem-...

DOWAMY
pic
14 Ýan

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.  Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan gelen telekeçiler poliropilen we polietilen satyn aldylar. Bulardan başga-da Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Maltanyň, Owganystanyň işewürleri tehniki kükürdi («Türkmenhimiýa» DK) satyn aldylar. Şeýle hem awtoulag, portlandsement, reňksiz list aýna, buýan köküniň ergini, ýorgan-düşek top...

DOWAMY