SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN WEKILIÝETI “MERKEZI AZIÝA – HINDISTAN” ATLY DIALOGYNYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 12-13-nji ýanwarynda Samarkand şäherinde (Özbegistan Respublikasy) “Merkezi Aziýa – Hindistan” atly Dialogynyň daşary işler ministrleriniň derejesindäki birinji duşuşygy geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Hindistanyň, Owganystanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özarabähbitli hyzm...
TÜRKMEN WEKILIÝETI WENA ŞÄHERINDÄKI «FERIEN-MESSE WIEN» ATLY SYÝAHATÇYLYK SERGISINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 10–13-nji ýanwary aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde her ýylda geçirilýän «Ferien-Messe Wien» atly syýahatçylyk sergisi boldy. Bu çäre Awstriýanyň möhüm halkara forumy bolup, onda dünýä syýahatçylygynyň häzirki zaman ösüşi görkezilýär. Sergä dünýäniň 80 döwletinden 850 töweregi syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri gatnaşdy. Bu sergä Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň wekilleri hem gatnaşdy. Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň pawilýonynda ýurdumyzyň dürli e...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 9–10-njy aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ikinji halkara maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen brifing geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň...
Bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişi artýar
Şu gün bu ýerde ýerli hususy kärhanalaryň hünärmenleri tarapyndan bina edilen önümçilik maksatly desgalaryň ikisiniň açylyş dabaralary boldy. Şu mynasybetli dabaralara welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Owadan bezelen täze desgalaryň öňündäki meýdançalarda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gazanan üstünliklerini wasp edýän aýdymlardyr sazlar ýaňlandy. Dabarada işde tapawut...
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň çärelerine dabaraly badalga berildi
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2019-njy ýylyň “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýylyň dowamynda geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy. Şeýle çäreler ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde-de geçirildi. Türkmenistanda her ýyly atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Onuň şygarynda täze tapgyrda milli ösüşiň möhüm ugurlary yglan edilýär. Munuň özi her bir adamyň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda...
MILLI DOKMA ÖNÜMLERIMIZ HALKARA SERGISINDE GÖRKEZILÝÄR
2019-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde “Heimtextil 2019” atly halkara sergisi öz işine başlady. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň dokma ulgamynda gazanan ösüşlerini dünýä ýaýýan bu halkara sergä dünýäniň 60 döwletinden 3000-den gowrak daşary ýurt kompaniýalar we edaralar gatnaşýar. Bu serginiň işine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we Söwda senagat edarasynyň wekilçilikli topary gatnaşdylar, şeýle hem bu ýerde Türkmenistan...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar. Mundan başga-da, awtomobil ulagy, reňksiz aýna we pagta süýümi satyldy. Satyn alyjy ýurtlar: Birleşen Arap Emirlikleri, Irlandiýa we Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 32 million 493 müň dollaryndan gowrak boldy.