SOŇKY HABARLAR
BAGDATDA TÜRKMEN-YRAK SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji aprelinde Bagdat şäherinde Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeleriniň ikinji mejlisi geçirildi. Duşuşygyň başynda 2017-nji ýylyň 25-nji iýulynda Aşgabatda geçirilen syýasy geňeşmeleriň birinji mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine seljerme berildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar....
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VIII gurultaýy
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary VIII gurultaýy geçirildi, onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň esasy syýasy guramalarynyň biriniň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurultaýa wekillerden başga-da, hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy edaralaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik birleşmeleriniň, köpçulikleýin habar beriş serişdele...
SEULDA TÜRKMEN-KOREÝA GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
Koreý tarapynyň çakylygy boýunça 2018-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Seul şäherine resmi sapary amala aşyryldy. Saparyň çäginde Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri hanym Kan Gýon Hwa bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýyna garadylar we olaryň ýokary depgin bilen ösýändigini bellediler. Şeýle hem syýasy gatnaşyklary berkitmegiň, s...
Gulshat Mamedova is elected as the Chairperson of the Mejlis
New leaders of National Parliament were elected at the first session of the Mejlis of Turkmenistan of new convocation with the participation of President Gurbanguly Berdimuhamedov. According to the provisions of the Constitution of Turkmenistan, the candidate for this high government post is elected by secret balloting. The members of Counting Committee of the Mejlis chaired by deputy S. Seyilov were elected for this. The parliamentarians nominated deputy of No. 7 polling station “Gunesh...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy
Hormatly deputatlar! Men, ilki bilen, saýlawçylaryň ýokary ynamyny gazanyp, Türkmenistanyň Mejlisine täze saýlanan deputatlary tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halk wekilleri bolan siziň ýakyn bäş ýylda ata Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmäge hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmaga işjeň gatnaşjakdygyňyza berk ynanýaryn. Hormatly deputatlar! «Yhlasa — myrat» diýlişi ýaly, bi...
“PARAHATÇYLYK PROSESI, HOWPSUZLYK ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYK WE SEBITDÄKI ARABAGLANYŞYK” ATLY OWGANYSTAN MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA MASLAHATY
2018-nji ýylyň 27-nji martynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Parahatçylyk prosesi, howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk we sebitdäki arabaglanyşyk” atly Owganystan meseleleri boýunça halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Özbegistanyň we Owganystanyň Prezidentleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleri we orunbasarlary, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili Tadamiçi Ýamamoto, BMG-niň Merke...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Hasan Ruhaniniň arasyndaky gepleşikler
Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde EYR-nyň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Uçaryň ýanynda haly düşelen ýodajygyň ugrunda belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna Hormat garawuly düzüldi. Ýola goýlan asylly däbe görä, milli egin-eşikdäki oglanjyk we gyzjagaz eýran Liderine duz-çörek hödürläp, gül desselerini gowşurdy. Howa menz...