SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna ýüzlenmesi
Eziz watandaşlar! Biz ýurdumyzda 2018-nji ýyly «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan etdik. Bu ýyl ykdysady, durmuş ulgamlarynda we türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň beýleki möhüm ugurlarynda biziň kabul eden milli maksatnamalarymyzyň üstünlikli amala aşyrylan döwri bolar. Biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzyň döretmek, hemmetaraplayvn hyzmatdaşlyk etmek we açyklyk ýörelgelerine esaslanýandygyny bellemek isleýärin. Biziň amala aşyrýan syýasatymyz...
«Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady» atly kitabyň tanyşdyrylyşy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly kitabyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Dabara hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatçylar, döredijilik intelligensiýasynyň, sport ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş her...
Türkmenistanyň Prezidenti Garagum sährasy boýunça sport awtomobilinde ýöriş etdi
Şu gün sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, asylly däbe görä, boş wagtynda sport bilen meşgullanýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen sport awtomobilinde Garagum sähralyklaryna çykdy. Awtomobil ýörişinde Mejlisiň deputaty, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow hem döwlet Baştutanymyzyň ýanynda boldy. Yzygiderli ýagan ýagyşdan soňra sahawatly Günüň nury tyllaýy öwüşginleri bilen Garagum sährasyna gaýtalanmajak gözellik çaýdy. Sazak-selinler, çäge alaňla...
Подведены итоги национального конкурса «Женщина года»
Конкурс организован Союзом женщин и нацелен на повышение социального статуса представительниц прекрасной половины туркменского общества, повышение их личностного потенциала и профессиональный рост. Традиционный смотр, проводимый в преддверии Международного женского дня, определяет наших лучших соотечественниц в семи номинациях: «За высокие профессиональные способности», «За сохранение искусства национального художественного рукоделия», «За распространение духовных ценностей и национального к...
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Armen Sarkisýany Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli, oňa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady. Milli Liderimiz gutlagynda Türkmenistanda Ermenistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, ikitaraplaýyn bähbitli, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berilýär diýip bellemek bilen, dostlukly ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň we özara...
Ýurdumyzyň sport baradaky syýasatyna bagyşlanan kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Watan goragçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de milli Liderimiziň köpugurly işine bagyşlanan “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen eziz Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendikleri üç...
DAŞKENT ŞÄHERINDE BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÖZBEK TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-2-nji martynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Toparyň işine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annameredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda taraplar Tü...