img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nguen Fu Çongy Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.  Milli Liderimiz Nguen Fu Çonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat hem-de ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine bu jogapkärli döwlet wezipesinde üstünlik gazanmagy arzuw etdi.

DOWAMY
pic
28 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini milli baýramçylyk bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli baýram –Türkiýe Respublikasynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana hem-de türk halkyna ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.  Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar diýip, milli...

DOWAMY
pic
28 Okt

Fransuz we türkmen sazandalary aşgabatlylara söýgüsini saz bilen beýan etdiler

Maksim Zekini bilen Dawid Bismut geçen ýyl konsert tamamlanandan soň aşgabatlylara ýene bir ýyldan gelmäge wada beripdiler, olar sözünde-de tapyldylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda fransuz we türkmen aýdymçy - sazandalarynyň gatnaşmagynda “Baky söýgi” atly konsert boldy. Bu Maksimiň Türkmenistana üçünji, Dawidiň bolsa ikinji saparydy. Biz okyjylarymyza bu sazandalaryň döredijilligi barada ozalam gürrüň beripdik, şonda-da ikisiniňem Pariž milli konserwatoriýasynyň u...

DOWAMY
pic
28 Okt

Aşgabatda iri sport ýaryşynyň komitetleriniň mejlisleri geçirilýär

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda 1-nji noýabrda badalga beriljek Agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň lukmançylyk, tehniki, tälimçiler we ýerine ýetiriji komitetleriniň ilkinji mejlisleri geçirildi.  Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) wekilleri hem-de ýaryşyň guramaçylary ähli gulluklaryň we desgalaryň ýaryşy ýokary derejede geçirmäge taýýarlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýaryşlar 2018-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli dowam ede...

DOWAMY
pic
28 Okt

“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşlary açýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir...

DOWAMY
pic
27 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE GFR-Ň WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bundestagynyň (Parlamentiniň) Merkezi Aziýa boýunça parlamentara toparynyň başlygy Manfred Grundyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar, üstünlikli ösýän türkmen-german hyzmatdaşlygynyň gidişini belläp, gejekde parlamentara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi we iki ýurduň deputatlarynyň arasyndaky özaragatnaşyklary...

DOWAMY
pic
26 Okt

TÜRKMEN–AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELERI TAMAMLANDY

2018-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň DIM-niň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hanym Emiliýa Pumanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri dowam etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak, energetika, suw hojalygy we sebitleýin integrasiýasy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara aly...

DOWAMY