SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň duşuşygy
Foruma gatnaşmagynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. R.Minnihanow Milli Liderimizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, belent mertebeli myhmana “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Kazana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygy pugta...
Türkmen halkynyň Milli Lideri “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady we şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy. Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde türkm...
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-eýran parlamentara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Eýran-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Abdoljalal Iriniň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar parlamentara gatnaşyklary, energiýa, ulag, söwda, medeniýet we bilim ýaly ugurlar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys mese...
Türkmenistanda Litwa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kestutis Waşkelýawiçýusdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara gatnaşyklary berkitmek ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly...
KHBS üçin habar
Şu gün, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdmuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary başlaýar, ol ýerde Gahryman Arkadagymyz "Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum" atly her ýyl geçirilýän XVI Halkara Ykdysady Forumyň işine gatnaşar. Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagyna ýurdumyz Russiýa Federasiýasy we Yslam dünýäsi bilen köpugurly gatnaşyklary saklamak, syýasy, ykdysady, söwda, medeniýet we gumanitar ugurlar boý...
Litwa Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanyň DIM-de ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Kýastutis Waşkelýawiçýus bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. A.Gurbanow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taý...
Türkmenistanyň Ilçisi Gruziýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary G.Mirshulawanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň birnäçe ugurlar boýunça yzygiderli depginde ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle-de taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna seredip geçdiler. Şu jähtden iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitjek özara Medeniýet günleriniň orny aýratyn nygtaldy....