SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň halkara guramalaryň, iri halkara forumlaryň we du...
Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçisi Hoja Öwezow ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklarda bar bolan mümkinçiliklere we wehimlere bilelikde baha bermek, ykdysady we üstaşyr hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem sebitara integrasiýa boýunça hemmetaraplaýyn ýol karta...
Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar
2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde I.Kutateladze adyndaky Farmakohimiýa institutynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri M.Sarjweladzäniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşygy Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory I.Natroşwili we I.Kutateladze adyndaky Farmakohimiýa institutynyň direktory M.Getiýa gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar derman senagaty, lukmançylyk barlaglary we saglygy goraýyş u...
Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar hususan-da syýasy, ykdysady, ulag we energetika ulgamlarynda özara gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda ikitaraplaýyn saparla...
Energetika dialogynyň giňeldilmegi: Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 1-3-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda «Energoprom-2026» Kazan halkara elektroenergetika forumy geçirilýär. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow ýolbaşçylyk edýär. «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezinde geçirilýän çärä Russiýa Federasiýasynyň we daşary ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, GDA agza döwletleriň energetika ministrleri, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň...
Türkmenistan Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew Baku şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Çärä Guramanyň agza döwletleriniň we synçy ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary we wise-prezidenti, ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem halkara düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, ykdysad...
Bakuda ulag-logistika we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň Azerbaýjan Respublikasynyň Ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministri Raşad Nabiýew, Ykdysadyýet ministri Mikaýil Jabarow, “Azerbaýjan Demirýollary” Ýapyk Paýdarlar Jemgyýetiniň Başlygy Rowşan Rustamow, “Baku Halkara deňiz porty” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktory Eldar Salahow bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyk...