img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Maý

RUSSIÝANYŇ ASTRAHAN OBLASTYNDA MAGTYMGULY PYRAGY ADYNDAKY MEKDEP AÇYLDY

2018-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Astrahan oblastynda saparda boldy. Şol gün Astrahan şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Astrahan oblastynyň gubernatory A.Žilkin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysadyýet, söwda, ulag, gämi gurluşyk, bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeň...

DOWAMY
pic
18 Maý

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz milli senenamamyzda şanly seneleriniň birini — Türkmenistanyň Konstitusiýanyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi belledi.  Watanymyzyň mukaddes nyşanlary bolmak bilen, Konstitusiýamyz hem-de ýaşyl Tugumyz türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlylygyny beýan edýär.  Paýtagtymyz Aşgabat ählihalk baýramçylygynyň merkezine öwrüldi, bu ýerde milli Liderimiziň gatna...

DOWAMY
pic
18 Maý

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyny berdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýörite taýýarlanan ýerde mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi.  Bu çäräniň sahawatly Oraza aýynyň ilkinji günlerinde, şeýle hem muňa gabat gelen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününde geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Ynsana diňe bir beden arassalygyny we ahlak päkligini peşgeş bermän, bu gadymy däp-dessur B...

DOWAMY
pic
18 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady

Mähriban halkym!  Eziz watandaşlar!  Sizi berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan Milli baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ilkinji gezek döwlet derejesinde bellenýän bu ajaýyp baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň agzybirlik suprasynyň başynda jem bolan mähriban halkymyzy beýi...

DOWAMY
pic
16 Maý

ADSM-4 MAKSATNAMASYNY IŞLÄP TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA SEBIT IŞÇI TOPARYNYŇ BIRINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 16-17-nji maýynda paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Aral deňzi sebitindäki ýurtlara ýardam etmek boýunça hereketleriň maksatnamasyny” (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça Sebit işçi toparynyň birinji mejlisi geçirildi, ol Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna (AHHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy. Duşuşyk “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” atly halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň maksatnamas...

DOWAMY
pic
16 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.  Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimizi we tutuş türkmen halkyny ýetip gelen baýramçylyk — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli gowulyklary arzuw etdi.  Döwlet Baştutanymyz myhmana mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, öz ösüşin...

DOWAMY
pic
16 Maý

TBILISIDE “TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly maslahaty geçirdi. Agzalan maslahata, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň  ýolbaşçylary we alymlary, daşary ýurtlaryň Gruziýada işleýän diplomatlary, Tbilisi şäheriniň ýokary okuw mekdepleriniň professordyr mugalymlary we talyp ýaşlary hem-de ýurtdaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar....

DOWAMY