SOŇKY HABARLAR
HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA“BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY: AZIÝADAN ANADOLA ÇENLI” ATLY YLMY MASLAHAT WE FOTOSURAT SERGISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 15-nji maýynda 2018-nji ýyly “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde guramagynda “Beýik Ýüpek Ýoly: Aziýadan Anadola çenli” atly ylmy maslahat we fotosurat sergisi geçirildi. Maslahata Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mustafa Kap...
TÄHRANDA TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda iş sapary bilen boldy. Tähranda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministri we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran Hökümetara toparynyň eýran böleginiň ýolbaşçysy Abbas Ahmad Ahundi bilen duşuşdy. Taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini ösdür...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iri gurluşyk taslamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns berdi. Aşgabadyň häzirki zaman şähergurluşyk syýasatyny öňe sürýän hormatly Prezidentimiz şäher boýunça guraýan iş saparlarynyň dowamynda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI KÖPUGURLY DÖWÜRLEÝIN SYN BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ 30-NJY MEJLISINE GATNAŞDY
2018-nji ýylyň maý aýynda Şweýsariýanyň paýtagty Ženewa şäherinde geçýän Köpugurly Döwürleýin Syn boýunça Iş toparynyň 30-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň 3-nji synyna gatnaşdy. Ýokarda agzalan çäräniň dowamynda türkmen tarapy adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugurlary barada...
ARAL DEŇZINIŇ SEBITINDÄKI MESELELERI ÇÖZMEK BILEN BAGLANYŞYKLY MAKSATNAMALARY IŞLÄP TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ HALKARA HYZMATDAŞLARY BILEN DUŞUŞYGY
2018-nji ýylyň 9-10-njy maýynda Aşgabat şäherinde «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar otagynda Aral deňziniň sebitindäki meseleleri çözmek bilen baglanyşykly maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň halkara hyzmatdaşlary bilen utgaşdyryjy duşuşygy boldy. Duşuşygyň esasy maksady Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini a...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Eziz halkym! Hormatly uruş weteranlary! Sizi dünýä taryhynda aýratyn orun tutýan şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem Ýeňiş gününiň şanyna geçir...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NYŇ GENDER DEŇLIGINE BAGYŞLANAN MEJLISINE GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 8-nji maýynda Wena şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ynsanperwer meseleleri boýunça komitetiniň “Gender deňligi” temasyna bagyşlanan mejlisi bolup geçdi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Adalatçysy Ý.Gurbannazarowa gatnaşdy we Türkmenistanda gender ýagdaýy barada çykyş etdi. Ý.Gurbannazarowa öz çykyşynda Türkmenistanyň gender syýasaty, aýal-gyzlaryň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, sosial we medeni durmuşynda deň hukukly gatnaşýandygy barada belledi. H...