SOŇKY HABARLAR
Bosgunlaryň olimpiýa toparynyň agzalary hormatly sylaglar we sowgatlar bilen sylaglanyldy
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti, döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Bosgunlaryň olimpiýa toparynyň işjeň gatnaşan wekilleri hormatly sylaglar we sowgatlar bilen sylaglanyldy. Hormatly sylaglar we sowgatlar gowşurylýan Bosgunlaryň olimpiýa toparynyň agzalarynyň sanawy: Wiyual Puok Deng Gai Nyang Tap Yiech Pur Biel Paulo Amotun Lokoro Ukuk Uthoo Bul Tegla Çepkite Loroupe Eunice...
TÜRKMENISTAN WE DOMINIKAN RESPUBLIKASY IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2017-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga gelen Dominikan Respublikasynyň Hindistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Frans Hans Dannenberg Kastellanos bilen duşuşyk geçirildi. Myhman mähirli garşylanandygy üçin tüýs çürekden hoşallyk bildirdirip, Dominikan Respublikasynyň Türkmenistanyň özenini oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri düzýän açyklyk we hoşniýetli g...
SPORT ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2017-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy T.B. Kömekow bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen, Tokio - 2020 tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň prezidenti, türkmen-ýapon dostlugy parlament assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Endo Toşiakiniň baştutanlygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşy...
TÜRKMENISTAN WE WÝETNAM SOSIALISTIK RESPUBLIKASY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin gelen Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Le Kan Haýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Myhman ilki bilen Wýetnam wekiliýeti üçin Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna...
OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINDE METBUGAT MASLAHATY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Olimpiýa şäherçesiniň Media merkezinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat maslahaty geçirildi. Maslahatyň esasy meseleleri gatnaşyklary berkitmek we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlaryny şöhlelendirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň bellemegine görä Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sport metbugat...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BOSGUNLARYŇ SPORT TOPARLARY BARADAKY BMG-NIŇ JARNAMASY BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 36-njy mejlisinde Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça Türkmenistanyň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamanyň kabul edilmegi bilen bagly maslahat geçirildi. Onuň işine türkmen diplomatlary, syýasatşynaslar, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary...
BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşi Hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlaryny goldady
Dünýä bileleşigi Şweýsariýadan gelip gowşan hoş habara ýokary baha berýär, bu ýurduň Ženewa şäherinde şu günler Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça 36-njy maslahaty geçirilýär. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça Türkmenistanyň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnama biragyzdan kabul edildi, soňra oňa Braziliýa hem goşuldy. BMG-niň a...