SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA 2016-2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNYŇ TANYŞDYRMASY
2016-njy ýylyň 16-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň tanyşdyrmasy geçirildi. Tanyşdyryş duşuşygynyň gurnaýjylary bolup, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli instituty çykyş etdiler. Tanyşdyryş duşuşygyna Türkmenistanyň Mejlisiniň,...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWA PAKISTANYŇ ÖŇDEBARYJY UNIWERSITETINIŇ “SYÝASY YLYMLARYŇ HORMATLY DOKTORY” DIÝEN ALYMLYK DEREJESI GOWŞURYLDY
16-njy martda Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň “Aiwan-e Sadr” Köşgünde Türkmenistanyň Prezidentine “Kayd-e-Azam” uniwersitetiniň “Syýasy ylymlaryň hormatly doktory” diýen alymlyk derejesini gowşurmak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti “Aiwan-e Sadr” Köşgüniň bäşinji gatyna çykdylar hem-de ýörite bellenilen otaga bardylar. Bu ýerde iki döwletiň Baştutanlaryny “Kayd-e-Azam” uniwersitetiniň prorektory jenap Jawed Aşra...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PAKISTANA RESMI SAPARY TAMAMLANDY
2016-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi saparynyň ikinji, jemleýji güni boldy. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri, onuň kabulhanasy ýerleşýän, bu ýurduň iň meşhur dag şypahanalarynyň birine – Yslamabatdan, takmynan, 50 kilometrlikde bolan Mari etrabyna baryp gördüler. Bu ýerde, Pakistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ulag-aragatnaşyk ulga...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY
Irden 16-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Pakistan Yslam Respublikasyna ugrady. Birnäçe sagatdan soň döwlet ýolbaşçysynyň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yslamabat şäheriniň halkara howa menzilinde gondy. Günüň birinji ýarymynda türkmen lideriniň ulag kerweni Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň öýüne ugrady, esasy girelgesindeTürkmenistanyň Prezidentini Premýer-ministr Muhammad Nawaz Ş...
TÜRKMENISTANDA HALKARA ULAG GEÇELGELERINIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2016-njy ýylyň 29-nji fewralynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Gruziýa Respublikasynyň demir ýol we deňiz ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda bäştaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Şu gezekki halkara duşuşygynyň gün tertibine “Gündogar-Günbatar” multimodal ulag geçelgesini hem-de sebit we sebitara hyzmatdaşlygynyň düzüml...
TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELER
2016-njy ýylyň 25-nji fewralynda Aşgabatda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-gruzin syýasy geňeşmeler geçirildi. Gruzin tarapynyň wekiliýetine Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dawid Jalaganiýa ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanmalary nazara almak bilen şu ýylda göz öňünde tutulýan bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşmeleriň gün tertibinde ugurlaryň giň sanawy boýunça Türkmenista...
Delide Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi
2016-njy ýylyň 13-nji fewralynda, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyny ýerine ýetirmek çarçuwasynda, şeýle hem, 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Nýu Deli şäheriniň «Täj Mahal» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasy Hindi-Türkmen Dostluk Jemgyýeti bilen bilelikde «Garaşsyzlygynyň we ösüşiň 25 ýyly: Türkmenistan we Hindistan» atly...