SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň öz diplomatik wezipesini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Thatipamula Wenkata Nagedra Prasad bilen duşuşygy boldy. Ilçi işlän döwründe Ilçihananyň işine berilen ýardam we goldaw üçin türkmen tarapyna çyn ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan we Hindistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ý...
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine täze bellenen Jin Ki Huny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat watg tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Koreýa Pespublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagt we rowaçlyk baradaky arzuwyny ýetirdi. Jenap Jin Ki Hun öz ýurdunyň Bitarap Türkmenistan bilen däp...
LONDONDA TÜRKMEN-BRITAN IŞEWUR GATNAŞYKLARYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 21-23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti nobatdaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirmek we Türkmen-Britan söwda senagat geňeşiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin Londonda iş saparynda boldy. 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler we arkalaşyk işleri boýuça ministrliginiň Ýewropa, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlarynyň işleri b...
TÜRKMENISTANYŇ WE MALAÝZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI GELJEKDE GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Malaýziýanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Dato Sri Anifah Aman ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle-hem energetika, ulag, bilim we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşy...
Kreýg Ridi: Bütindünýä Dopinge garşy agentligi Türkmenistanyň Milli dopinge garşy agentliginiň ösdürilmegine ýardam bermäge ygrarlydyr
Bütindünýä Dopinge garşy agentliginiň prezidenti Kreýg Ridi döwlet Baştutanymyza, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberip, onda Bütindünýä Dopinge garşy agentligiň işine hemişe goldaw we dopingden arassa türgenleri goramak boýunça maksatlary amala aşyrmaga ýardam berýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Siziň howandarlygyňyzda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň Sebit dopinge garşy guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi hem-de 2017-nji ýylyň m...
Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň daşary işler ministri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri jenap Dato Sri Anifah Amany kabul etdi. Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Malaýziýanyň ýolbaşçylar düzüminden Döwlet Baştutanymyza we tutuş ýurdumyzyň halkyna aýdan bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Malaýziýada möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns ber...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan hem-de amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini gün-günden berkidip, dürli pudaklarda netijeli halkara gatnaşyklarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edildi. Watanymyzyň ähli künjegini, has çetdäki obalary gurşap alan giň möçberli özgertmeleriň barşynda paýtagtymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üstünlikli durmuş...