SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mihail Kawelaşwilä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gruziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada
2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Pekin şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi. Bu gezekki duşuşygyň gün tertibine şu ýylyň iýunynda Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşmak girizildi....
Tbiliside türkmen halysynyň baýramy bellenildi
2025-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň bilelikde gurnamaklarynda “Ahundowyň Öýi” muzeýinde türkmen halysynyň baýramçylygyna bagyşlanyp türkmen hem-de azerbaýjan haly önümleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergä Gruziýada akkreditirlenen daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri, Gruziýanyň Parlamentiniň deputatlary, Gruziýanyň halypa Ilçileri, bu ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Tbilisi...
В МИД Туркменистана обсуждены ключевые направления сотрудничества с МВФ
23 мая 2025 года в МИД Туркменистана состоялась встреча заместителя министра иностранных дел Туркменистана Сердара Мухамметдурдыева с делегацией Международного валютного фонда (МВФ) под руководством главы миссии МВФ по Туркменистану Анной Роуз Бордон. В ходе переговоров стороны обсудили текущее состояние и перспективы взаимодействия Туркменистана с МВФ, в том числе в таких направлениях, как техническая помощь, консультативная поддержка и подготовка кадров. Особое внимание было уделено вопроса...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary
2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letzi bilen giňişleýin düzümdäki duşuşygy geçirildi. Duşuşy...
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji maýynda wideoaragatnaşyk görnüşinde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine BMG-niň 2026–2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň täze tapgyry üçin Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow “Parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň umumy giňişligini gurmak” atly Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň işine Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, seljeriş we ylmy-gözleg merkezleriniň bilermenleri, maliýe guramalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdyl...