RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Maý

Türkmenistan BMG bilen ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýaşlaryň işleri boýunça kömekçisi Felipe Paulýeriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna we geljegine giňişleýin garadylar hem-de Türkmenistanyň ýaşlar diplomatiýasynyň ösmegine goşýan goşandyny bellediler. Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasy...

DOWAMY
pic
21 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Mohammed Jaludy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, sport ulgamynda uly ösüşleri gazanýan Türkmenistana sapar bilen gelmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Ol 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bi...

DOWAMY
pic
20 Maý

Встреча Министра иностранных дел Туркменистана с Президентом Исламской Республики Иран

20 мая 2025 года в Тегеране в рамках рабочего визита туркменской делегации в Иран состоялась встреча Министра иностранных дел Туркменистана Рашида Мередова с Президентом Исламской Республики Иран Масудом Пезешкианом. В начале беседы Министр передал Президенту дружественного государства тёплые приветствия и наилучшие пожелания от Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова и Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова....

DOWAMY
pic
20 Maý

Tähran şäherinde Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2025-nji ýylyň 19-20-nji maýynda Tähran şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyk toparyň başlyklary – Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk Ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň ýolbaşçylygynda geçirildi. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine döwlet...

DOWAMY
pic
20 Maý

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 19-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de wise-prezident Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, dost-doganlyga esaslanýan hem-de yzygiderli ösdür...

DOWAMY
pic
19 Maý

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Tähran dialog forumyna – 2025 gatnaşdy

2025-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Tähran şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Syýasy we halkara barlaglar merkeziniň guramagynda Tähran dialog forumy – 2025 (Tehran Dialogue Forum) geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy.  “Hindi yklym böleginden Ýewraziýa çenli: ulag geçelgeleri, geoykdysadyýet we açylýan mümkinçilikler” atly ugurdaş bölümçede çykyş etmek bi...

DOWAMY
pic
18 Maý

Gruziýa türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlady

2025-nji ýylyň 18-nji maýynda Tbilisiniň teleýaýlym diňi türkmen halkynyň garaşsyzlygynyň hem-de döwlet bitaraplygynyň nyşany bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy. Şol güni türkmen halky Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi baýram edýär. Şeýle-de dabaraly yşyklandyryş Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalarda orun alan 2025-nji ýylyň şygary “Halkara parahatçylyk...

DOWAMY