TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELER

photo

2016-njy ýylyň 25-nji fewralynda Aşgabatda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-gruzin syýasy geňeşmeler geçirildi. Gruzin tarapynyň wekiliýetine Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dawid Jalaganiýa ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanmalary nazara almak bilen şu ýylda göz öňünde tutulýan bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşmeleriň gün tertibinde ugurlaryň giň sanawy boýunça Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri bellenildi. Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, taraplar geljekde bu ugurda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özaragatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunlukda ýokary derejedelerdäki saparlaryň ähmiýeti we gazanylan ylalaşyklary geljekde ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirmäge taraplaryň ygrarlylygy bellenildi.

Söwda-ykdysady özaragatnaşyklar barada aýdyp, hil taýdan täze derejelere çykarmagy nazara almak bilen, taraplar bu ugurdaky bilelikdäki gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän meseleleriň hatarynda ulag-üstaşyr gatnaşyklaryny, şeýle hem energetika we ulag çygryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri bellenildi.

Gatnaşyklaryň medeni-gumanitar düzüjisine degişlilikde, bilelikdäki medeni çäreleriň oňyn täsiri barada aýdylyp, taraplaryň syýahatçylyk pudagyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň tarapdarydygy bellenildi.

 

Saparynyň döwamynda j-p Dawid JalaganiýaTürkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar daşary syýasy edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.