TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY
Irden 16-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Pakistan Yslam Respublikasyna ugrady. Birnäçe sagatdan soň döwlet ýolbaşçysynyň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yslamabat şäheriniň halkara howa menzilinde gondy.
Günüň birinji ýarymynda türkmen lideriniň ulag kerweni Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň öýüne ugrady, esasy girelgesindeTürkmenistanyň Prezidentini Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif garşylady.
Dostlarça salamlaşykdan soňra Türkmenistanyň Baştutany we Pakistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy ýörite gurnalan münbere galdylar. Bu ýerde, meýdançada ýokary derejeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasy boldy.
Soňra Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Hökümet öýüniň “Dabaralar otagyna” çagyrýar. Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Pakistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysynyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda mejlisler zalynda dowam etdi. Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif Bilelikdäki Maglumata gol çekdiler.
Soňra “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2016—2017-nji ýyllarda Hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna”; «Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň Maliýe gözegçiligi gullugynyň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi boýunça maliýe maglumatlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama»; «Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň Nebitgaz we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda ýangyç-energetika pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama»; «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Häzirki zaman dilleri Milli uniwersitetiniň (Päkistan Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama»; «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen COMSATS Maglumat tehnologiýalary institutynyň Syýasaty öwreniş merkeziniň (Päkistan Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama»; «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Parahatçylyk we diplomatik bilimleri institutynyň (Päkistan Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama»; «Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Parahatçylyk we diplomatik bilimleri institutynyň (Päkistan Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama»; «Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty (Türkmenistan) bilen COMSATS Maglumat tehnologiýalary institutynyň (Päkistan Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama» gol çekildi.
Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, dostlukly ýurduň hökümetiniň ýolbaşçysy hem-de türkmen Lideri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Metbugat maslahaty tamamlanan soň, belent mertebeli myhman - Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna resmi kabul edişlik guraldy.
Gunuň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygy Sardar Aýaz Sadik bilen duşuşyk geçirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň ulag kerweni Paksitan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň “Aýwan-e Sadr” köşgüne tarap ugrady. Köşgüň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly döwletiň Baştutany Mamnun Huseýn mähirli garşylady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan bilelikde surata düşülenden soň, Pakistanyň Prezidentiniň “Iş otagynda” ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki türkmen-pakistan duşuşygy geçirildi.
Pakistanyň Baştutany türkmen Liderini ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu saparyna ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatda aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda öz ösüşinde täze itergä eýe bolandygyny belläp, Prezident Mamnun Huseýniň belleýşi ýaly, Pakistanda Türkmenistanyň Baştutanynyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy berkarar etmäge gönükdirilen netijeli syýasatyna we döredijilikli halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler hem-de ony doly goldaýarlar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mamnun Huseýn özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüşini kanagatlanma bilen nygtap, iki ýurduň şol gatnaşyklary döwrüň ýagdaýlaryna hem-de bar bolan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiligine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga meýillidigini tassykladylar. Taraplar şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler “Duşuşyklar otagynda” giňişleýin düzümde iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mamnun Huseýn Türkmenistanyň we Pakistanyň özara bähbitlere, şeýle hem sebit möçberinde abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge özara taýýardygyny tassykladylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Repspublikasyna resmi sapary dowam edýär.