TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PAKISTANA RESMI SAPARY TAMAMLANDY

2016-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi saparynyň ikinji, jemleýji güni boldy.

Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti we  Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri, onuň kabulhanasy ýerleşýän, bu ýurduň iň meşhur dag şypahanalarynyň birine – Yslamabatdan, takmynan, 50 kilometrlikde bolan Mari etrabyna baryp gördüler. Bu ýerde, Pakistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ulag-aragatnaşyk ulgamyny döretmek boýunça geljegi uly taslamalaryň tanyşdyrylyşy boldy. Şunda özüniň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi hem-de sebitara ulag geçelgelerini döretmek meselelerinde BMG-niň derejesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  oňyn başlangyçlary öňe sürmegi netijesinde Türkmenistan möhüm orun eýeleýär.

Pakistan tarapynyň türkmen döwletiniň Baştutanynyň geostrategiki başlangyçlaryny we giň möçberli geljegi uly meýilnamalaryny goldamagy babatda Pakistanyň Milli awtoýollar guramasynyň başlygy Şahid Aşraf Tarar ykdysady nukdaýnazardan has amatly ýerüsti ulag kommunikasiýalarynyň taslamalaryny hödürledi. Bu kommunikasiýalaryň gatnaw ýollarynyň beýleki görnüşleri bilen birleşdirilmegi sebitiň ýurtlarynyň ykdysady taýdan goşulyşmagyna ýardam eder.

Tanyşdyryş çäresi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Yslamabat şäheriniň Halkara howa menziline tarap ugur aldy, türkmen Lideri özüni ugradan Pakistanyň Premýer-ministri bilen mähirli hoşlaşyp, şol ýerden Watanymyza ugrady.

* * * * *

17-nji martda Yslamabadyň “Ramada” myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Pakistanyň döwlet düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň  wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi.

Işewürler maslahatyna Pakistanyň täjirçilik ministri Hurram Dastgir Han, nebit we tebigy serişdeler döwlet ministri Jamal Kamal Han, Maýa goýum palatasynyň başlygy Miftah Ismail, şeýle hem nebitgaz ulgamynda, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda, azyk senagatynda, gurluşykda, sportda, dokma senagatynda we oba hojalygynda ýöriteleşdirilen 70-e golaý iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine durli ministlikleriň we pudak edaralarynyň – söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ulgamynyň, saglygy goraýyş we derman senagatynyň, oba we suw hojalygynyň, senagat ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň. Söwda-senagat edarasynyň, Sport baradaky döwlet komitetiniň. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri girdi.

Duşuşygyň barşynda Pakistanyň işewür toparlarynyň wekillerine türkmen ykdysadyýetiniň barha artýan kuwwaty, soňky ýyllarda halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan ösüşlere beslenen özgertmeler barada, Türkmenistanda maýa goýmagyň hem-de işewürligi alyp barmagyň amatly şertleri barada maglumatlar berildi.

 

Forumyň çäklerinde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, döwlet hem-de hususy kompaniýalaryň wekilleri öz pakistanly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň barşynda täze şertnamalaryň çäklerinde özara hereket etmegiň meseleleri, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň mümkin bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.