TBILISIDE KONKUR BOÝUNÇA ATÇYLYK ÝARYŞY GEÇIRILDI

2016-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy we 2016-njy ýyly “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Sport we ýaşlaryň işleri boýunça ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň we Atçylyk Federasiýasynyň ýardam bermeklerinde Tbilisiniň aýlawynda gruziýaly çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda konkur boýunça atçylyk ýaryşyny geçirdi.

 

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Muratow atçylyk ýaryşyna gatnaşyjylara we myhmanlara giriş sözi bilen ýüzlendi. Soňra Gruziýanyň Sport we ýaşlaryň işleri boýunça ministriniň orunbasary Ş.Gogeladze we Gruziýanyň Atçylyk Federasiýasynyň Baş sekretary L.Gaçeçiladze çykyş etdiler, türkmen halkyny şanly Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy bilen gutladylar we konkur boýunça ýaryşy gurnamak we geçirmek başlangyjy üçin Türkmenistanyň Ilçihanasyna minnetdarlygyny bildirdiler.

Konkur boýunça atçylyk ýaryşy tamamlanandan soň, aýlawyň we hususy atçylyk jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň işjeň gatnaşmaklarynda Gruziýada işleýýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary hem-de Gruziýanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri üçin ýörite atlaryň çykyşlary gurnaldy. 

Bu çäräni gurnamaga we geçirmäge işjeň gatnaşanlary we ýardamlary üçin Gruziýanyň Sport we ýaşlaryň işleri boýunça ministrliginiň we Gruziýanyň Atçylyk Federasiýasynyň wekillerine Türkmenistanyň Ilçihanasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.