TÜRKMENISTANYŇ GRUZIÝADAKY ILÇIHANASY TBILISI ŞÄHERINIŇGOLAÝYNDA BAG EKMEK ÇÄRESINI GEÇIRDI

2016-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Türkmenistanda 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Gruziýanyň Daşary işler ministrligi we Tbilisi şäheriniň häkimligi bilen bilelikde, Tbilisi şäheriniň golaýynda bag ekmek çäresini geçirdi.

Bu çärä Gruziýadaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, Tbilisi şäheriniň häkimi D.Narmaniýa, Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary D.Jalaganiýa, Yustisiýa ministriniň orunbasary G.Lordkipanidze, Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Ýe.Gogulawa, Gruziýanyň Prezidentiniň edarasynyň, Hökümetiniň, Parlamentiniň, Daşary işler ministirliginiň, Tbilisi şäher häkimliginiň, Daşky gurşawy goramak ministirliginiň, Sport we ýaşlar ministrliginiň, Ylym-bilim ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bag ekmek çäresiniň başynda Tbilisi şäheriniň häkimi we Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary çykyş etdiler we Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygyna bagyşlanan bag ekmek çäresiniň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasyna hoşallyklaryny bildirdiler.

 

Şol bir wagtda, bag ekmek çäresine gatnaşan köpsanly ilçiler, diplomatlar, Gruziýanyň dürli ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli mähirli gutlag sözlerini beýan etdiler.