TBILISI ŞÄHERINDE “TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ 25 ÝYL GARAŞSYZLYGY: ÖŇE GIDIŞLIGIŇ, PARAHATÇYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÝOLY” ATLY HALKARA YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI

2016-njy ýylyň 17-nji iýunynda Gruziýanyň tehniki unwersitetinde 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň we Gruziýanyň 25 ýyl Garaşsyzlygy: öňe gidişligiň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň ýoly” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi.

 

Agzalan maslahat, Gruziýanyň tehniki unwersitetiniň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan gurnaldy. Maslahata daşary ýurtlaryň Gruziýadaky akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Gruziýanyň tehniki unwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary we Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüşi unwersitetiniň prorektory işjeň gatnaşdylar.

Ilki bilen maslahata gatnaşyjylaryň öňünde, türkmen milli sungatynyň, haly önümleriniň, milli egin-eşikleriniň, şaý-sepleriniň we Türkmenistanda çap edilen kitaplarynyň we žurnallarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Soňra maslahatyň başynda Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri baradaky gyzykly wideo film görkezildi.

Maslahatda Gruziýanyň tehniki unwersitetiniň rektory, tehniki ylymlarynyň doktory, professor A.Prangişwili, Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Muratow, Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüşi unwersitetiniň prorektory K.Kertiýew, Tehniki unwersitetiniň prorektory L.Klimiaşwili, Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň goňşy döwletler we sebitler bölüminiň başlygy M.Radiani dagylar çykyş etdiler.

Çykyş edenler, Garaşsyzlyk gününiň taryhy ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň we Gruziýanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten sepgitleri, şeýle-hem ýurtlaryň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlygy alnyp barylýandygy barada aýtdylar. Şol bir wagtda, bu halkara ylmy maslahat ýurtlaryň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge ýakyndan ýardam berer diýip bellediler.

Halkara maslahat tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň tehniki unwersitetiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyl şanly baýramy mynasybetli baýramçylyk konsertini gurnady.