MINSK ŞÄHERINDE TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJEDÄKI HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Minsk şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) howandarlygynda "Häzirki zaman elektron maglumaty döwründe terrorçylygyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek” atly ýokary derejedäki halkara maslahaty geçirildi.

Bu halkara maslahat, ÝHHG bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň bilelikde guramagynda amala aşyryldy. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşdy.

Umuman, bu halkara terrorçylyga garşy maslahata 40 döwletden ýokary derejede bir ýüz altmyşdan gowrak bilermenler gatnaşdylar. Bu halkara maslahata esasan hem, BMG-niň, Interpol-yň, Ýewropa Geňeşiniň, GDA hem-de Köpçülikleýin howpsuzlygy baradaky ylalaşyklary guramasynyň ýolbaşçylary, şeýle-de ÝHHG-nyň Baş direktory Tomas Greminger hem gatnaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, bu halkara maslahatda maglumatlar arkaly terrorçylyga garşy göreşmek boýunça usullary, şeýle hem möhüm desgalary dürli ýagdaýdaky hüjümlerden goramak ýaly meselelere garalyp geçildi.