Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy köpçülikleýin sport çärelerine bagyşlap kiçi futbol ýaryşy geçirdi

2019-njy ýylyň 21-nji aprelinde Tbilisi şäheriniň Olimpiýa kompleksinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy her ýylda geçirilýän bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çärelerine bagyşlanan kiçi futbol boýunça ýaryşy geçirdi.
Bu çärä Gruziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.
Sport çäräniň başynda 2019-njy ýyly «Türkmenistan - rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrylandygy bellenip, оňa gatnaşyjylara Türkmenistanda her ýylyň 5-nji aprelinden 5-nji maýy aralygynda geçirilýän bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň biraýlygy barada gürrüň berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek, bedenterbiýe we sporty ösdürmek hem-de olary ýaýbaňlandyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
Ýaryşyň soňunda ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.