Türkmenistanda Prezident saýlawlary demokratik esasda geçirildi
Türkmenistanda döwlet Baştutanynyň saýlawlary aýratyn dabaraly ýagdaýda geçdi. Säher bilen tutuş ýurdumyz boýunça döredilen saýlaw uçastoklarynda adamlar konstitusion hukuklaryny ýerine ýetirip, ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy maksat edinýän dalaşgärleriň iň mynasybyna ses bermäge geldiler.
Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, 10-njy fewralda Türkmenistanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky wagyz işleri tamamlandy, bu gün bolsa irden sagat 7-de ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda ses bermek işleri başlandy. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň TDH-a beren maglumatlaryna görä, irden sagat 10-da tutuş ýurdumyz boýunça saýlawçylaryň umumy sanynyň 40 göterimden gowragy ses berdi, sagat 12-de bu görkeziji 62 göterimden geçdi. Sagat 14-e çenli Türkmenistanda islegini erkin beýan etmäge bolan öz konstitusion hukugyny hasaba alnan saýlawçylaryň ählisiniň 81 göterimden gowragy berjaý etdi, sagat 19-a çenli, ýagny saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan pursatyna çenli saýlawçylaryň 97,27 göterimi ses berdi.
Bu gün ýurdumyzyň hemme saýlaw uçastoklary aýratyn dabaraly, ruhy ýokary göteriliş ýagdaýyna beslendi. Saýlaw uçastoklary möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresine doly taýýarlyk bilen geldiler. Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda toýa beslenip geçdi. Ýerlerde konsert meýdançalary taýýarlanyldy, göçme söwdalar guraldy. Bu şanly sene ses bermäge şu gün ilkinji gezek gatnaşýan ýaş saýlawçylaryň aňynda aýratyn ýatda galdy. Saýlaw uçastoklarynda olara gül desseleri we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Mähriban Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine öz seslerini berenleriň hatarynda ildeşlerimiziň asuda durmuşynyň goragynda ýeňil bolmadyk hem-de hormatly gullugyny alyp barýan merdana türkmen esgerleridir serkerdeleri hem bar. Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar ähli harby bölümlerde we düzümlerde geçirildi.
Merkezi saýlaw toparynda TDH-a habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň paýtagtynda we ähli welaýatlarynda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de halkara hukugynyň kadalaryna pugta laýyklykda geçen saýlaw möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesi hasaba alyndy.
Bu ýagdaýy ýerlerde saýlaw işlerine syn etmegi amala aşyran milli synçylar hem tassykladylar. Munuň şeýledigine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan bolan Synçylar toparynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň agzalary, Hytaý Halk Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň wekilleri hem göz ýetirdiler. Olar saýlawlaryň nähili geçendigi barada anyk düşünje almak, türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň rowaçlanýandygyny duýmak mümkinçiligine eýe boldular.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hem-de onuň bilen baglanyşykly wakalar halkara jemgyýetçiliginde we dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi. Bu gün saýlaw uçastoklarynda daşary ýurtly žurnalistler köp boldy. Olar saýlawlaryň barşynyň demokratikdigine gözleri bilen görüp, göz ýetirip bildiler.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlary anyk bolup geçen ýagdaýdyr. Ýakyn günlerde saýlawlaryň gutarnykly netijeleri jemleniler, ýöne eýýäm häzirden olaryň hakyky demokratik esasda geçip, Garaşsyz türkmen döwletiniň iň täze taryhynda möhüm sahypa öwrüljekdigini doly esas bilen tassyklap bolar.