Hormatly Prezidentimiz Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Soňky ýyllarda ahalteke atçylyk toplumynyň çäkleri bagy-bossanlyga öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça uly möçberli Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şol maksatnamanyň çäklerinde ýaprakly, iňňe ýaprakly, miweli baglar we beýleki görnüşli baglar oturdylýar, Aşgabadyň töwereklerinde hem-de welaýatlarda bag-seýilgäh zolaklary döredilýär. Emele getirilýän bagy-bossanlyklar, munuň özi ekologiýa ýagdaýynyň we jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň hakyky görkezijisidir. Gözüňi dokundyrýan, elde döredilen tokaý zolaklary howany gowulandyrýar, onuň arassalanmagyna hem-de kislorod bilen baýlaşmagyna ýardam edip, adamlaryň durmuşy we olaryň saglygynyň goralmagy üçin has oňaýly şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz topluma gelip, uzakda bolmadyk ýerde gezip ýören türkmen alabaýyna üns berdi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde Wepaly diýlip atlandyrylan alabaýyň keşbiniň seçilip alynmagynda aýratyn many bar. Alabaý halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeläp, milletiň, maşgala ojagynyň, abadançylygynyň goragçysy bolup hyzmat edýär. Ol özüniň wepadarlygy we batyrlygy bilen ynsana ýakyn dost, eýesine wepaly bolup, dünýä ýüzünde beýik şöhrata eýe boldy. Alabaýlar aýratyn-da, adamlara ýakyn durmakda gaýduwsyzlykda, batyrlykda ýokary nusgalyk derejä göterilendir. Alabaýyň şeýle gymmatlyklaryň hatarynda bolmagy we onuň adalatly we aýgytly hereket etmäge ukyby, garşydaşy ýeňmäge bolan höwesi halkara derejesinde ykrar edildi.

Hormatly Prezidentimiziň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýandygy hemmä bellidir. Döwlet Baştutanymyz behişdi bedewlere çuňňur gadyr goýýan we olaryň janköýeri bolmak bilen, öz işiniň köplügine garamazdan, bedewler bilen didarlaşmaga hem-de at üstünde gezim etmäge yzygiderli üns berýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň we babadaýhanlaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Hasyl baýramynda özüne sowgat berlen Melehan diýen ahalteke bedewi bilen ýakyndan didarlaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow asylly däbe eýerip, bedewiň boýnuna mähriban käbesi Ogulabat ejäniň dokan alaçasyny dakdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň çäginde özüniň Melehan atly bedewine edilýän ideg, onuň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýeri gelende aýtsak, nesil ugry şöhratly Pereň atly ady rowaýata öwrülen bedewden gaýdýan bu atyň hem ýyndamlyk görkezip, nesil ugruna mynasyp boljakdygy gürrüňsiz hakykatdyr.

Türkmenler gadymy asyrlardan bäri atlary eziz görüpdirler we terbiýeläpdirler, olary kämillige çenli ýetiripdirler, bedewleri tüýs ýüreginden söýüpdirler, olarda durmuşyň bitewiligine ýetmegiň serişdesini görüp, özlerinde bolşy ýaly, meşhur behişdi bedewlerinde hem gaýduwsyzlyk, edermenlik we maksada okgunlylyk ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýeläpdirler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan işleriň netijesinde ahalteke bedewleriniň şöhraty hiç haçan ösmez, barha belende galar. Çünki, türkmen halky milli seçgiçilerimiziň ahalteke bedewi ýaly iň ýokary sungat eserini dünýä diňe bir bagyşlaman, eýsem, tohumyň arassa ganlylygyny hem-de onuň ajaýyp häsiýetini saklamagy başardy. Häzir belew at ählihalk söýgüsiniň derejesine göterildi, asyrlaryň we nesilleriň, ymtylyşlaryň we ýeňişleriň, zähmetiň, ylhamyň we döredijiligiň sazlaşygynyň arabaglanyşygyny alamatlandyrýan ýurdumyzyň hakyky we aýdyň nyşana öwrüldi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda şöhratly taryhy bolan ahalteke bedewleriniň, wepaly alabaýlaryň abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagy ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Türkmenleriň bu ajaýyp gymmatlyklara bolan söýgüsi beýikdir. Olaryň nusgalyk aýratynlyklary bütin dünýäde ykrar edildi. Bu bolsa asyrlaryň dowamynda milli gymmatlyklary döreden halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň aýawly saklanylýandygyny we ösdürilýändigini äşgär edýär.